Türkmenistanda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi
16:37 28.12.2024 31419
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň teklibini goldady. Degişli teklip 27-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.
Mejlisiň barşynda D.Gulmanowanyň belleýşi ýaly, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.
Döwket Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şeýle-de döwlet Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.