CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 23.01.2025 - 01.02.2025
10:00 24.01.2025 1472
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň ГПЗ-2 gazy gaýtadan işleýiş zawodyndaky arassalanan gaz turba ýylylyk çalşyjylaryny çalyşmak boýunça № CIT-24130-SR belgili tender yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
• Tendere gatnaşmak üçin arza;
• Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat;
• Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň dowamyndaky maliýe ýagdaýy barada maglumat;
• Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat;
• Kompaniýa tarapyndan öz işini togtatmajakdygyna, ygtyýarnamasynyň ýatyryljak däldigine (ýa-da yzyna alynmajagyna), bankrotlyk yglan etmejekdigine ýa-da girdejiden mahrum bolmajakdygyna kepil geçýän hat.
• Türkmenistanyň telekeçileri üçin Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şahadatnamanyň göçürmesi.
Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan
Telefon belgisi: +993 12 44-54-34
Faks: +993 12 44-50-44