“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 19.03.2025 - 23.03.2025
13:25 20.03.2025 928
Şertnamanyň Goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Russiýanyň pul birliginde (rublda) we manatda gyrymsy ösümlikleri satyn almak boýunça marketing soraşmasyny geçirýär.
Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:
- Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, BatyrovRK@tatneft.tatar e-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly;
3. Bäsleşik tekliplerini bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 5 (bäş) senenama gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 637 737 972, +993 61 06 17 99.
e-mail salgysy: BatyrovRK@tatneft.tatar