Guýulary abatlamagyň kämilleşdirilen tilsimaty
Guýular
uzak wagtlap ulanyşda bolanlarynda dürli sebäplere görä, olaryň iş sütünlerinde
şikes (defekt) emele gelýär. Şeýle şikesleri bejermek üçin guýularda düýpli
abatlaýyş işlerini geçirmekligiň zerurlygy ýüze çykýar.
Şikesi düzetmek üçin, ilki bilen, onuň haýsy çuňlukda
ýerleşýänligini we näçe ululykdadygyny anyklamaly bolýar. Şeýle maksat bilen
dürli görnüşdäki enjamlar we usullar ulanylýar. Olaryň ählisi ilkibaşda guýynyň
petikleýji ergin bilen doldurylmagyny talap edýär. Eger-de şikes uly bolsa,
onda guýa