Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

04:20 10.06.2025 1900

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/14228/original-16847080917f1b.jpg

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyny gazanmaklyga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi ýüze çykýar. Şonuň üçin hem daşky gurşawyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, onuň tebigy durkuny saklamak dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Bu soňky ýyllarda has-da güýçlenýär.

Ekologik abadançylygy üpjün etmekligiň möhüm şertleriniň biri täze döredilýän önümçilikleriň ylmyň soňky gazananlary bilen üpjün edilip, dünýä ölçeglerine gabat getirilmegi bilen berk baglydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bu wajyp meselä aýratyn ähmiýet berilýär we iri taslamalar amala aşyrylanda göz öňünde tutuldy hem-de häzirki wagtda dowam edýän düýpli gurluşygyň desgalarynda ol talap doly berjaý edilýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod iň döwrebap senagat toplumydyr. Bu möhüm maýa goýum taslamasy Türkmenistanda energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda gazanylan uly üstünlikdir, ädilen anyk ädimdir. Şol strategiýanyň esasy ugry energiýa serişdelerini eksport etmegiň köptaraply ulgamyny kemala getirmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, pudakda ekologiýa taýdan arassa senagat möçberinde önüm öndürmekden ybaratdyr. Dünýäde önümçiligiň şunuň ýaly usulyny amala aşyrmagy başaran Türkmenistandyr. Bu zawod bir ýylyň dowamynda 1 milliard

785 million kub metr «mawy ýangyjy» gaýtadan işlemäge ukyply bolup, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik awtoulag ýangyjyny senagat möçberinde çykarýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şular ýaly görlüp-eşidilmedik taslamalary amala aşyryp, biz ýurdumyzyň bütin dünýä üçin geljege gönükdirilen «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň iň işjeň merkezleriniň birine öwrülmegi üçin zerur bolan şertleri döredýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçiliklere ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, uglewodorodlary çuň gaýtadan işlemek baradaky başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiz üstünlikli dowam edýär. Bu anyk başlangyçlar ekologik abadançylyk babatynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistanda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, şol sanda «ýaşyl» energetika geçilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işleriň hatarynda daşky gurşawa goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky (СOP28) taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny dünýä jemgyýetçiligine resmi taýdan yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

Ýer şarynda esasy parnik gazlaryna suw bugy, kömürturşy gazy, metan, ozon degişlidir. Metan atmosferada ähmiýeti boýunça üçünji parnik gazydyr. Ol kömürturşy gazyndan soň howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine getirýär. Türkmenistan ýakyn geljekde metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny ýerine ýetirmegi, metan gazyny ýygnap, ony gymmatly, ekologik taýdan arassa energiýa çeşmesine öwürmek we rejeli peýdalanmak boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmagy maksat edinýär. Bu maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn esasda nebitgaz, energetika, ulag we beýleki senagat pudaklarynda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ulanmaga geçmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Merkezi Garagumdaky Zäkli-Derweze gaz ýataklar toplumynyň Çaljulba gaz käninde tehnologik açyk gaz ýangyn krateriniň gaz çykmasyny azaltmak boýunça Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ylmy işgärleri tarapyndan metan zyňyndylaryny azaltmak babatda amala aşyrylýan netijeli işleri-de bellemelidir. Bu krateriň gazynyň çykyşyny azaltmak maksady bilen, onuň golaýynda ulanyş guýulary gazylyp, olardan ýokary möçberdäki arassa gaz akymlary alyndy, netijede, kraterden çykýan gazyň mukdary 2 esse azaldyldy.

Ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmekde ekologiýa, tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi esasy şert bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan netijeli işler diňe milli bähbitleri göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara möçberinde ähmiýetlidir.

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».

Başga makalalar
16215cef4cb8fb.jpeg
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Azat Ýazmyradowiç Hydyrow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory wezipesine bellenildi.


1621488ae4e18b.jpeg
Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşygynda saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny tanyşdyrdy

Duşenbe güni Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16214884bed496.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi

Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.


162148b1349fb1.jpeg
«Gubadagetrapgaz» hojalyk kärhanasy Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygar astynda geçýän ýylda gaz paýlaýjy desgalaryna ýokary hilli ideg etmegi, Daşoguz welaýatynyň ilatly nokatlary, senagat, oba hojalyk we jemagat-hojalyk kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegi dowam edýärler.


166ac6a3381227.webp
Köýtendag kän müdirligi Türkmenistanda iri taslamalary gurluşyk materiallary bilen üpjün edýär

Lebap welaýatynda sebitiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen köpugurly senagat merkezi döredilýär. Ýurtdaky iri taslamalary gurluşyk materiallary bilen üpjün edýän esasy kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty habar berýär.