Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

10:33 26.06.2025 3350

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/14374/original-1685ce39cb1ef8.jpg

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Iki ýurduň DIM-leriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler Türkmenistanyň we Russiýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan yzygiderli we ynamdar dialoga döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde aýratyn ornuň degişlidigini bellediler.

Lawrow Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm faktory bolup iň ýokary döwlet derejesindäki netijeli dialogyň çykyş edýändigini aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Ministr Lawrow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa şäherine amala aşyran saparyny belläp geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025" XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek geňeşmeleriň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň köptaraplaýyn formatlardaky, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Hazar “bäşliginiň” hem-de “Merkezi Aziýa-Russiýa” çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Başga makalalar
16220630a6bcda.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.


16221b61c4e760.jpeg
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.


164d088cfbc445.jpg
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.


16854fcd524fb3.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Palestinanyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


162205fcc7ddc3.jpeg
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i

Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.