“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 01.08.2025 - 14.08.2025

11:51 01.08.2025 1690

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy   KAMAZ şassisinde awtoulag enjamlarynda geçiriljek dikeldiş işleri üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça Türkmen manadynda we Russiýanyň pul birligi rublda № 2025/26 belgili tender yglan edýär. 

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna: 

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KurbanovAA@tatneft.tatar e-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly;

3. Bäsleşik tekliplerini bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov.tm

 saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993-222-6-43-66, +993-62-74-18-80

 elektron salgysy: KurbanovAA@tatneft.tatar

Başga makalalar