Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär

14:51 01.08.2025 1832

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/14660/original-1688c9d65baf93.jpg

Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.

Bu ýurtlara mahsus çäk taýdan üzňeligi ýeňip geçmek, maýa goýumlara, dünýäniň ykdysadyýetine we söwda bazaryna goşulyşmaga elýeterliligi giňeltmek babatdaky meseleleri çözmek bütin adamzat üçin ýetilmeli umumy sepgitler bilen berk baglanyşyklydyr. BMG-niň her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüşinde gazanylan üstünlikleri seljermek, geljek onýyllyk üçin Hereketler maksatnamasyny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrüler.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde nobatdaky üçünji forumyň şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegini göz öňünde tutýan «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň aýdyň mysaly, ýurdumyzyň halkara abraýynyň we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşmagynyň ykrarnamasy boldy. Munuň özi şu ýyl BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygyny belleýän ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Şol syýasat bolsa durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hemmeler üçin adalatly we abadan geljegi gurmaga gönükdirilendir.

Awaza forumy infrastrukturalary ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak maksady bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga, innowasion çözgütleri tapmaga hem-de serişdeleri çekmäge gönükdiriler. BMG-niň resmi web saýtyndaky maglumatlarda bellenilişi ýaly, bu maslahatda DÇBÖBÝ-niň mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga ýardam bermek maksady bilen, her biriniň özbaşdak garaýşy we innowasion çözgütleri bolan dürli toparlar bilen hem işjeň çäreler alnyp barlar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmekde strategiýalary ara alyp maslahatlaşmaga we işläp düzmäge köp sanly gyzyklanma bildirýän taraplar öz goşantlaryny goşup bilerler. Şunlukda, BMG-niň wekilçilikli maslahatyna raýat jemgyýetiniň gatnaşmagyna ýerli derejeli subýektleriň garaýyşlaryny giň köpçülige ýetirmäge, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde DÇBÖBÝ-niň kuwwatyndan peýdalanmak üçin bu ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek boýunça täze çäreler toplumyny kabul etmek babatda goldawlary çekmäge mümkinçilik berýän esasy şert hökmünde garalýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin bazarlara elýeterliligi üpjün etmegiň ýollaryny kesgitlemäge gönükdirilen Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýe bolar.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar 570 milliondan gowrak adamy bolan ösýän bazary özünde jemleýär. Çaklamalara görä, bu görkeziji 2060-njy ýyla çenli 1 milliarddan geçer. Häzirki wagtda bu bazaryň göwrümi 836 milliard amerikan dollary möçberinde bahalandyrylýar. Bu ýurtlardaky telekeçilik işi ýerli talaplary we ýagdaýlary hasaba alyp, ykdysady mümkinçilikleri döretmäge täze itergi bermegiň çeşmesi bolup hyzmat edip biler. Transmilli kompaniýalaryň maýa goýum işine, halkara söwda amallaryna gatnaşmagy arkaly DÇBÖBÝ ählumumy we sebit önümçilik-üpjünçilik zynjyrlaryna goşulyşyp bilerler.

BMG halkara derejeli çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagynda ýaşlaryň pikir-garaýyşlarynyň, teklipleriniň hasaba alynmagynyň möhümdigini ykrar edýär. Şunuň bilen baglylykda, Awaza forumyna ýaşlaryň çekilmegi olarda öz ýurtlaryndaky we sebitlerindäki oňyn üýtgeşmelere dahyllylyk duýgusyny oýarmaga, şeýle özgerişlikler üçin jogapkärçiligi artdyrmaga-da ýardam eder. Maslahatyň çäklerinde DÇBÖBÝ-niň parlament ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda parlament forumy geçiriler. Ol Hereketler maksatnamasyny ilerletmek üçin dialogy ösdürmäge gönükdirilendir. Onuň jemleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljek onýyllykda durnukly ösüşine ýardam bermek maksady bilen, degişli resminamanyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň maksatnamasynyň köpçülige ýetirilen deslapky taslamasynda açylyş dabarasyndan öňinçä birnäçe çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Hususan-da, 4-nji awgustda raýat jemgyýetiniň forumynyň hem-de ýaşlar we parlament forumlarynyň açylyş dabaralaryny geçirmek bellenilen. Hususy pudagyň forumyny hem-de ýaşlaryň arasyndaky dialogy bolsa 5-nji awgustda geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de maslahatyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy we beýleki ugurdaş çäreler guralar.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Geçiriljek çäreler 7 sany esasy ugry, ýokary derejeli forumlary, maslahata gatnaşjak ýurtlar, halkara guramalar we düzümler, şeýle-de ýurdumyz tarapyndan guraljak ugurdaş çäreleri öz içine alýar. Ýerüsti ulag we arabaglanyşyga, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, ýaşlar syýasatyna, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýete bagyşlanan çäreler; tematik sergiler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti şolaryň hataryndadyr. 

Başga makalalar
16194aa93f28f7.jpeg
«Türkmengaz» DK Auguste International Fze kompaniýasyndan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň gaz çykarýan beketlerindäki desgalary döwrebaplaşdyrmak üçin Auguste International Fze (BAE) kompaniýasyndan tehniki serişdeleri — enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar.


16805e6ef36972.jpg
TEIF 2025 energetika, maýa goýumlar we tehnologiýa hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açar

Türkmenistan ykdysady diplomatiýanyň täze derejesine çykýar. 2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherindäki häzirki zaman KLCC maslahatlar merkezinde geçiriljek TEIF 2025 halkara forumy energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda ýylyň esasy wakalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.


16805f28532b4d.jpg
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler

Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.


16805e6a998684.jpg
Aşgabatda halkara söwda we hil üpjünçiligi boýunça sergi hem-de maslahat geçiriler

29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler.


16638777d75ed3.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti: Jemi içerki önümiň ösüş depgini ýanwar-aprel aýlarynda 6,3% boldy

2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3%-e deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.