Sarpasy belent halypa
Geçen
asyryň 70 — 80-nji ýyllarynda paýtagtymyzdaky öňki Türkmen politehniki
institutynda (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) nebitçiniň,
gazçynyň hünärini alyp gelen ýokary bilimli ýaşlaryň hasabyna pudakda ilkinji
milli hünärmenlerimiz ösüp ýetişdi.
Manyly
ömrüniň kyrk ýylyny ýa-da bütin zähmet ýoluny ülkämiziň gaz senagaty ulgamynyň
dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekmeklige sarp eden tejribeli hünärmen
Akmuhammet Aşyrow hem şolaryň biri. Onuň ýetginjeklik ýyllary Mary welaýatynyň
çägindäki Gündogar Şatlyk we Günbatar Şatlyk gaz känlerini