«Ýaşyl» energetika aýdyň geljegi üpjün eder
09:05 26.08.2025 2652
Türkmenistan dünýäniň uly energetika kuwwatyna eýe bolan öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hatarynda uglewodorod çig malyndan önümleriň dürli görnüşlerini almak we energetika pudagyna maýa goýumlary çekmek bu ugurda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Şeýle aýdyň wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen ýangyç-energetika toplumy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Soňky ýyllarda energetika pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, çig mallary almagyň we gaýtadan işlemegiň ulgamy kämilleşdirilýär. Esasan, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine has uly üns berilýär. «Ýaşyl» energetikany ornaşdyrmak daşky gurşawymyz, ýagny ekologiýa baradaky ilkinji alada bolup, gazylyp alynýan ýangyçlardan has az zyňyndy döredýär. Energiýanyň bu görnüşi tebigy ýol bilen doldurylyp, ol Gün şöhlesinden, ýelden, ýagyş we gardan, suwdan, tolkunlaryň energiýasyndan, geotermik ýylylykdan alynýar. Watanymyzda alternatiw energiýanyň iň kuwwatlysy bolan Gün energetikasy batly depginler bilen ösdürilýär. Hasaplamalara görä, 365 günüň dowamynda döwletimizde 300-den gowrak güneşli gün bolýar. Ýylyň dowamynda ortaça gije-gündiziň ýagty wagty 12 — 14 sagada barabardyr. Gün energiýasyny almak maksady bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gün panelleri ornaşdyrylýar.
Diýarymyzda ýel energetikasyny ösdürmek hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň dürli çäklerinde «ýaşyl» energiýanyň bu görnüşini ulanmaga uly mümkinçilikler bar. Esasan, Balkan welaýatynyň çäklerinde ýeliň tizliginiň has ýokary bolýandygy anyklanyldy. Daglyk ýerlerde ýeliň tizligi sekuntda 4 metrden ýokary bolup, Hazar deňziniň çäklerinde bolsa sekuntda 8 — 10 metre barabardyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary, dürli guramalary bilen alternatiw energiýa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak ugrunda hyzmatdaşlyk saklaýar. Olaryň arasynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) bilen alternatiw energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak ugrunda gatnaşyklar ýola goýuldy. Daşky gurşawyň goragyny üpjün etjek we ykdysady ösüşi artdyrjak «ýaşyl» energetika ugrunda giň gerimli taslamalar işlenip taýýarlanylýar. 2021-nji ýylda kabul edilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny howpsuz energetikany ösdürmäge gönükdirilen işleriň kanunçylyk binýadyny berkidýär. Şeýle hem «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa» kabul edildi.
Şu günki günde halkara jemgyýetçiliginiň öňünde howanyň üýtgemeginiň we daşky gurşawa zyýanly zyňyndylaryň düşmeginiň öňüni almak wezipesi durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan işler bu wezipeleriň netijeli çözülýändigini görkezýär. Tebigy energiýa serişdeleriniň tygşytlylygy we ygtybarlylygy üpjün edilýär. Bu ugurda halkara ylym ulgamlary bilen hyzmatdaşlyk saklanýar we tejribeler toplanýar. Döwletimizde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri baradaky döwlet syýasaty daşky gurşaw üçin zyýansyz energetikanyň paýyny artdyrmak, energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply energiýa ulgamlaryny döretmek, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmagy üpjün etmek ýaly aýdyň wezipelere esaslanýar. Türkmenistan ähli zyňyndylary azaldyp, ekologiýa tarapdan doly arassa bolmak wezipelerini kesgitlemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alternatiw energiýa çeşmelerini ornaşdyrmaklyga uly üns berýär.
Akmaral BEKIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.