Energiýanyň täze görnüşleri we ony almagyň usuly

09:10 26.08.2025 2431

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/14852/original-168ac949923832.jpg

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde, geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine getirer diýlip garaşylýar.

Häzirki zaman energetikasynyň 90 göterime golaýy tebigy gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň (nebitiň, gazyň, kömrüň) esasyndaky himiki ýangyçlary ulanmaklyga esaslanýar. Energiýanyň bu çeşmeleriniň gorlary çäkli we olar gün-günden kemelýär. Şonuň üçin adamzadyň öňünde energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmak, gazylyp alynýan ýangyçlary gazyp almaklygyň hem-de gaýtadan işlemekligiň ýokary netijeli usullaryny ulanmak, şeýle-de energiýanyň täze çeşmelerini gözlemek we onuň esasynda sintetiki ýangyçlary almak meselesi dur.

Energetiki we ekologik meseleleri çözmek üçin indiki usullary ulanmak mümkin: olardan energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden peýdalanmak; energiýanyň gaýtadan dikelýän görnüşlerine geçmek; ikilenç energiýa göterijilerini (wodorody) ulanmaklyga esaslanan döwrebap tehnologiýalara geçmek we şuňa meňzeşler.

Ikilenç energiýa serişdesi (ýangyç) hökmünde wodoroda nazary we tejribelik taýdan gyzyklanmanyň döremeginiň sebäpleri: doly ekologik arassalyk; tükeniksiz çig mal gorlary; ýokary energiýa sygymlylyk — 142 MJ/kg (şol bir birlikde beýleki ýangyçlar üçin: gury agaç 19 — 21; kömür 33 — 36; benzin 40 — 45; metan 55,6; şertli ýangyç 29,3).

Wodorody almagyň usullaryny gözlemegiň çäklerinde has amatly ugurlaryň biri hem energiýany az sarp etmek arkaly suwy elektriki we termohimiki reaksiýalaryň esasynda dargatmak. Elektrik we ýylylyk energiýa hökmünde Günüň, ýeliň we elektrik beketleriň energiýasy ulanylyp bilner.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň energiýasyny akkumulirlemegiň usuly hökmünde işlenilip taýýarlanylan hödürlenilýän desga himiki reaksiýalar geçende belli bir mukdardaky energiýanyň bölünip çykýandygyna ýa-da ýuwudylýandygyna esaslanandyr. Günüň we ýeliň energiýasy ulanylyp alnan ýylylygyň we elektrik energiýanyň hasabyna geçirilen himiki reaksiýanyň netijesinde ýanyjy madda (wodorod) bölünip çykýar. Emele gelen wodorod ýörite gapda jemlenilýär. Tebigy energiýany (Günüň, ýeliň energiýasyny) akkumulirlemek Gün kollektorynyň, ýel ýylylyk generatorynyň, goşmaça energiýa çeşmesini sazlaýjylaryň, bölünip çykýan gazy saklamak üçin gabyň we zerur enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Rahmetnur AÝMÄMMEDOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary.

Başga makalalar
16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.