«Ýaşyl» ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm ugrudyr
09:05 02.09.2025 2577
Daşky gurşawy goramak babatynda döwlet syýasatynyň strategik maksady ähli ýerde «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we tebigy ulgamlary mümkin bolan derejede saklap galmagyň esasynda jemgyýetiň we raýatlaryň ýaşaýşy we işi üçin ekologiýa taýdan amatly şertleri üpjün etmek bolup durýar we ony gazanmak üçin daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsirleri durnukly peseltmegi üpjün etmek, jemgyýetiň şu günki we geljekki zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin tebigy-serişde mümkinçiligini peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak wajyp wezipeleriň hataryndadyr.
Ileri tutulýan ugurlaryň hataryna «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, galyndylary dolandyryş ulgamyny düýpli özgertmegiň esasynda zyýansyz dolanyşygy bolan ykdysadyýeti ösdürmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak mümkinçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ykdysadyýetiň tebigy serişdeleri talap edijiligini peseltmek boýunça çäreler degişlidir.
Ýaşamagyň ekologiýa taýdan howpsuz gurşawyny üpjün etmek ulgamynda strategik maksat häzirki we geljekki nesiller üçin ýerli we sebitleýin ekoulgamlary saklap galmak, ilaty tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanly täsirlerinden goramak bolup durýar. Howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňilleşdirmek we howanyň üýtgeýşine uýgunlaşmak, tebigy heläkçilikleriň we howply howa hadysalarynyň ýaramaz durmuş-ykdysady netijelerini azaltmak, ekologiýa taýdan durnuksyz ýagdaýa getirilen ekoulgamlary ozalky ýagdaýyna getirmek, olaryň tebigy hilini dikeltmek ileri tutulýan wezipeler bolup durýar. Ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak üçin ýerden peýdalanmagy ekologiýalaşdyrmaga we ony howanyň üýtgeýşine uýgunlaşdyrmaga, agrolandşaftlaryň çäkleýin guralyşyny, edara ediş çäk we çäkleýin birlikleri, ýerlere baha bermek we salgyt salmak ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek zerurdyr. Ýurduň suw gorlaryny gorap saklamagyň strategik maksady suw serişdelerini peýdalanmagyň we gorap saklamagyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, olaryň hilini jemgyýetiň zerurlyklaryna we howanyň üýtgemegine laýyklykda gowulandyrmakdan ybaratdyr. Suw serişdelerini dolandyrmakda esasy üns uzak möhletli suw howpsuzlygyny gazanmaga gönükdiriler, bu ilaty kadaly hili bolan agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek we akdyrylýan suwlaryň daşky gurşawa zyýansyz goýberilmegini üpjün etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar.
Mineral-çig mal binýadyny durnukly ösdürmek maksatlarynda geologiýa-gözleg işlerini gaýtadan enjamlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, mineral-çig maly gazyp çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň we aňrybaş netijeli peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak işiniň daşky gurşawyň ýagdaýyna ýaramaz täsirini ujypsyz derejä düşürmek «ýaşyl» ykdysadyýetiň milli ulgamyny pugtalandyrar.
Galyndylary peýdalanmak ulgamynda döwlet syýasatynyň strategik maksady galyndylary ikinji gezek ulanylýan çig mal hökmünde hojalyk dolanyşygyna çekmekden hem-de olaryň daşky gurşawa we raýatlaryň saglygyna edýän ýaramaz täsiriniň öňüni almakdan ybaratdyr. Şu maksatlara ýetmek, tebigatdan alnan zatlaryň ählisiniň gaýtadan işlenip, peýdaly önüme öwrülmegini we täzeden önümçilige gaýtarylmagyny göz öňünde tutýan Zero Waste (nol galyndylar) konsepsiýasynyň düzgünlerine esaslanmak bilen, olaryň emele gelmeginiň öňüni aljak bolmalydyr. Önümçiligiň köp mukdardaky galyndylarynyň möçberleriniň toplanyş we önümçiligiň howply galyndylarynyň möçberleriniň emele geliş depginlerini peseltmek, olaryň peýdalanylýan derejesini ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan howpsuz zyýansyzlandyrylmagyny üpjün etmek möhüm bolup, bu babatda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Milli «ýaşyl» ykdysadyýet gurulýan mahalynda serişde taýdan netijeliligiň düýpgöter täze modeline — galyndysyz ykdysadyýete geçmegiň uzak möhletli strategiýasyndan ugur alynýar. Şu model serişde üpjünçiliginiň zyýansyz maddy aýlanyşygyna, önümçilik işlerini amatly etmegiň, önümçilige tehnologik we durmuş innowasiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda çig mal we ýangyç-energetika serişdeleriniň ähli görnüşleriniň sarp edilişini tygşytlamaga hem-de azaltmaga gönükdirilendir.
Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ykdysady seljerme we
maliýe müdirliginiň ykdysady seljerme we çaklaýyş bölüminiň baş hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Palestinanyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i
Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.