«Ýaşyl» bilim — durnukly ösüşiň binýady

09:10 07.10.2025 2478

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15203/original-168e3f8caa9242.jpg

«Ýaşyl» bilim ýa-da durnukly ösüşiň bähbitlerini göz öňünde tutýan bilim adamlarda, esasan-da, ýaş nesillerde durnukly jemgyýeti gurmak hem-de abadan daşky gurşawy geljekki nesillere ýetirmek üçin zerur bolan bilimleri, başarnyklary, endikleri, gymmatlyklary we özüňi alyp barmagyň nusgalaryny kemala getirmeklige toplumlaýyn çemeleşmekligi maksat edinýär. Bu konsepsiýa, bir tarapdan, ekologiýanyň we durnukly ösüşiň esaslaryny öwrenmegi öz içine alýan bolsa, ýene bir tarapdan, bilim ojaklarynda ekologik taýdan arassa we netijeli energiýa çözgütleriniň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Tebigata jogapkärçilikli çemeleşmek we ekologik medeniýeti kemala getirmek «ýaşyl» bilimiň esasy jähetleridir. Şu maksat bilen howanyň üýtgemegi, tebigatyň baýlyklary we olary rejeli peýdalanmak, durnukly ösüş bilen bagly düşünjeler bilim berlişiniň ähli derejelerine ornaşdyrylýar. Munuň üçin okuw maksatnamasyna ýörite dersler girizilýär. Şeýle hem okuwdan daşgary işjeňlikler, köpçülikleýin çäreler yzygider guralýar.

Bilim beriş gurşawynyň özgerdilmegi «ýaşyl» bilimiň ýene bir jähedidir. Şunda durnukly ösüşiň nusgasy bolan «ýaşyl» mekdepleri ýa-da «ýaşyl» bilim ojaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. «Ýaşyl» bilim ýaş nesilleriň daşky gurşawyň abadançylygy babatdaky habardarlylygyny ýokarlandyrmak, tebigy serişdeleriň aýawly ulanylmagyna ýardam bermek, talyplara ekologik meseleleriň döredijilikli çözgütlerini işläp taýýarlamagy öwretmek ýaly wezipeleri öz içine alýar.

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýaş nesilleriň ekologiýa bilimliligini we başarnyklaryny kämilleşdirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlere aýratyn üns berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň aprel aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Ýaşyl» mekdep» atly bilelikdäki maksatnamany durmuşa geçirmegi nazarlaýan özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigine şaýatlyk edýär. Bu maksatnama Merkezi Aziýa sebitinde öz ugrunda ilkinji bolup, oňa gatnaşýan mekdepleriň durnukly we energiýa taýdan ygtybarly okuw gurşawyna geçmegine gönükdirilendir. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi mekdep durmuşynyň ähli ugurlaryna durnukly ösüş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny, interaktiw bilim beriş işinden başlap, bilim ojaklarynyň energiýa taýdan ygtybarlylygynyň üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hem «ýaşyl» bilim konsepsiýasy esasynda netijeli işleriň ýola goýlandygyny bellemek gerek. Häzire çenli ýurdumyzyň uniwersitetleriniň we institutlarynyň ençemesiniň degişli ugurda ýöriteleşen halkara reýtinglere girmegi hem munuň subutnamasydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň «ýaşyl» reýtingleri, ilkinji nobatda, olaryň Durnukly ösüş maksatlaryna we «ýaşyl» ykdysadyýete ygrarlydygyny, şol sanda bilim ojagynyň işine ekologik taýdan arassa tejribeleriň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Degişli ugurdaky halkara reýtingleriň iň meşhury «UI GreenMetric» reýtingidir. Indoneziýa uniwersiteti (UI) tarapyndan 2010-njy ýylda düzülip başlanan bu halkara reýting bütin dünýädäki ýokary okuw mekdepleriniň Durnukly ösüş maksatlary we ekologik abadançylyk ugurlaryndaky tagallalaryna esaslanylyp taýýarlanylýar. Şunda tebigy serişdeleriň dolandyrylyşy we energiýanyň netijeli peýdalanylmagy, galyndylary dolandyrmak ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ulaglaryň ekologik taýdan arassa görnüşleriniň peýdalanylmagy, okuw binasynyň çäklerinde «ýaşyl» infrastrukturanyň döredilmegi, ekologiýa ugurly bilim maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýaly jähetler göz öňünde tutulýar.

2024-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň «UI GreenMetric» halkara reýtingine girizilendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bütindünýä reýtinginiň ilkinji 500-ligine girip, tapawutlanmagy başarandyklary-da bellenilmäge mynasypdyr. Bilim ojaklary häzirki zaman infrastrukturasy hem-de bilim başlangyçlary esasynda ýokary baha eýe bolýar. Geçen ýylyň jemleri boýunça bu reýtinge dünýäniň

95 ýurdundan ýokary okuw mekdepleriniň 1 müň 477-si girizildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli bilim ulgamy ösüşiň täze derejesine çykarylýar. Täze okuw binalarynyň halkara ekologiýa standartlaryna kybap gelmegi, olarda ýaşlaryň bu ugurdaky bilimlerini artdyrmaklary üçin oňyn şertler döredilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Mary şäherinde ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynda Gün panelleriniň, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň bolmagy ýurdumyzda «ýaşyl» energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Kerimmuhammet MUHAMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy bölüminiň hünärmeni.

Başga makalalar
1621f3a0fd3cca.jpeg
Ýewropada gazyň bahalary ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy

Çarşenbe güni gündiz Ýewropada gazyň spotlaýyn bajalary sişenbe güni söwdalaryň ýapylýan wagty bilen deňeşdirilende, 29% ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.


1684a8f104424b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti alymlary we Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady

12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi.


1621f0a1ea00e1.jpeg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.


1684a72e4290ae.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.


1684a868de806b.jpg
Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar

Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar – ýurtlaryň arasyndaky ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan geçýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan Russiýa gününiň hormatyna geçirilen resmi kabul edilişlikde aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Habarlar portaly habar berýär.