Ekologiýa — ýaşaýyş çeşmesi

09:05 21.10.2025 812

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15363/original-168f6533bb2bca.jpg

Häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran iň wajyp meseleleriň biri — ykdysady ösüşiň daşky gurşawa, ekologiýa ýagdaýyna ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak. Bu ýerde çözgüt hökmünde «ýaşyl» ykdysadyýet we onuň esasy ugry bolan «Ekologiýa abadançylygy» konsepsiýasy öňe saýlanýar. Bu düşünjeler ykdysadyýet bilen tebigatyň gapma-garşylygyny aradan aýryp, olaryň arasynda sazlaşykly gatnaşygy döretmegi maksat edinýär.

Ekologiýa abadançylygy baradaky ilkinji ylmy garaýyşlar we çagyryşlar XX asyryň ortalarynda peýda boldy. 1962-nji ýylda R.Karsonyň (Rachel Carson) «Sessiz ýaz» (Silent Spring) atly kitaby himiki serişdeleriň we pestisidleriň tebigata ýetirýän uly zyýanyny açyp görkezdi. Bu eser köpçüligiň ekologik meseleler barada çynlakaý oýlanmagyna itergi berdi. «Ösüşiň çäkleri» (The Limits to Growth, 1972) hasabaty dünýä jemgyýetini ykdysady ösüşiň çeşmeleriň çäkli bolmagy sebäpli dowam edip bilmejekdigi barada ilkinji gezek ylmy esasda duýdurdy. 1987-nji ýylda BMG tarapyndan taýýarlanan «Biziň umumy geljegimiz» (Our Common Future) atly hasabatynda «Durnukly ösüş» (Sustainable Development) düşünjesi kesgitlendi. Ol «geljekki nesilleriň öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmak ukybyna zyýan bermezden, häzirki zerurlyklary kanagatlandyrýan ösüş» diýmegi aňladýar. Bu kesgitleme ekologiýa abadançylygynyň esasy sütüni bolup hyzmat edýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýet düşünjesi 2008-nji ýylyň dünýä maliýe krizisinden soň has möhüm ähmiýete eýe boldy. Ol köne (hapalaýjy kömür we nebite bagly) ykdysady modeliň ýerine tebigy kapitaly goraýan we adam deňligini üpjün edýän täze ykdysady ulgamy teklip edýär. «Ýaşyl» ykdysadyýetiň esasy ýörelgeleri energiýa serişdelerini netijeli ulanmak, galyndylary azaltmak we gaýtadan işlemek, howa çalşygyna sebäp bolýan gazlaryň (esasan-da, kömürturşy gazynyň) çykarylyşyny nola ýakyn derejä çenli azaltmak, howany, suwy, topragy, biodürlüligi goramak, olaryň dikeldilmegine maýa goýmak, ähli pudaklara «ýaşyl» tehnologiýalary, amallary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa, ekologik oba hojalygy we galyndylary dolandyrmak ýaly pudaklarda täze, «ýaşyl» iş orunlaryny döretmek ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar. Bu babatda Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolmagy örän buýsandyryjydyr.

«Ýaşyl» ykdysadyýetiň, ekologiýa abadançylygynyň geljegi, esasan, halkara hyzmatdaşlygyna, kabul edilen ählumumy maksatlara bagly bolup durýar. 2015-nji ýylda kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlary» (Sustainable Development Goals — SDGs) ekologik, ykdysady, sosial meseleleri bir bitewi strategiýa bilen baglanyşdyrýar. Ol 2030-njy ýyla çenli «ýaşyl» ykdysadyýetiň global derejede ornaşdyrylmagy üçin ýol kartasydyr. Esasan hem, «DÖM 7» (arassa energiýa), «DÖM 13» (howa çalşygy), «DÖM 14» (deňiz serişdeleri) we «DÖM 15» (Ýer ekosistemalary) ekologiýa abadançylygyna gönüden-göni täsir edýär.

Geljekde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine (Gün, ýel, gidroenergetika) doly geçmek, ulag pudagynda «elektromobilligi» ornaşdyrmak esasy orny eýelär. Mundan başga-da, «aýlawly ykdysadyýet» (Circular Economy) modeli (önümleriň hyzmat möhletini uzaltmak, galyndysyz önümçilik) «ýaşyl» ykdysadyýetiň iň möhüm bölegi bolar. Türkmenistan şeýle umumadamzat meselesinde yzygiderli işjeňlik görkezýär. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna we ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyna gönükdirilen wajyp maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Nebitiň, gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagyna garamazdan, Türkmenistan arassa energiýany ösdürmäge, suw serişdelerini netijeli ulanmaga, «ýaşyl» zolaklary döretmäge uly üns berýär. Aral deňziniň sebitindäki ekologik kynçylyklary çözmekde halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamzadyň durnukly ösüşini, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistan hem işjeň goşulýar, tebigaty goramak, ekologiýa meselelerini çözmek babatda dünýä ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň adamzadyň durnukly ösüşi bilen bagly ekologik meseleleri çözmäge, tebigy serişdeleri aýap saklamaga gönükdirilen her bir başlangyjyny ilkinjileriň hatarynda kabul edýän, olary milli derejede işjeň durmuşa geçirýän döwletdigini aňladýar.

Bilşimiz ýaly, «ýaşyl» ykdysadyýet bu diňe bir ykdysady zerurlyk däl, eýsem, ol ýaşaýyş filosofiýasydyr. Ol ykdysady ösüşiň ekologiýanyň saglygy, geljekki nesilleriň ýaşaýşy üçin tebigy çeşmeleri aýawly ulanmak bilen mümkin boljakdygyny subut edýär. Ekologiýa abadançylygy her bir ynsanyň, guramanyň, döwletiň — ählimiziň geljekki nesilleriň öňündäki jogapkärçiligimizdir.

Serdar ATAÝEW,
«Arkadag» gazetiniň uly habarçysy.

Başga makalalar
164d088cfbc445.jpg
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.


1685654636128d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti “Uzynada” nebitgaz ýatagyny özleşdirmegiň çärelerini makullady

20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16221b61c4e760.jpeg
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.


16854fcd524fb3.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Palestinanyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16220630a6bcda.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.