Ýagty geljegi nazarlaýan ädimler
09:05 04.11.2025 934
Tebigatyň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy we saglygy bilen aýrylmaz baglanyşygy baradaky ýörelgeler ynsanperwerligiň binýadydyr. Ynsanyň we tebigatyň sazlaşygy hakynda ýazmak, onuň aslyna düşünmek, täzelik, açyş etmek, zerur bolan ýakynlygy, birligi, bitewüligi saklamak maksady bilen XXI asyrda iňňän uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigaty goramak meýillerine ymtylmak, ýörite çäreleri guramak bilen, ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek başlangyçlary halkymyzda iň bir sogaply iş hasaplanylýar.
Her günki dogýan günümiz, her bir alýan demimiz, her bir ýaşan pursadymyz bolsa dünýä ýüzündäki ähli ynsanlar bilen umumy baýlygymyz — Ýer togalagynyň üstünde ýaşamak bagtynyň bize miýesser edenligine buýsanmaga şert bolup biler. Esasy öýümiziň — Ýer togalagynyň üstünde adamlaryň oňaýly şertlerde ýaşamagy, howanyň jana şypaly, pasyllaryň sapaly bolmagy bolsa ynsanlaryň tebigata wepaly bolmagyna köp derejede bagly bolup durýar.
«Döwlet adam üçindir!» diýen ýürege ýakymly, iş ýüzünde durmuşa geçip, bizi bagly-bakjaly, döwletli-watanly, galamly-ylhamly, dermanly-melhemli, aýdymly-sazly, kalby gorly, saçagy barly, gujagy goşa tarly, bagtyýar bir ynsanlar edýän şygarymyz bolsa, halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen ýöräp, aýdyňdan-aýdyň günlerde ýaşamagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işlere goşant goşup, wagyz edip, hözirini görüp, bagtly-bagtyýar ýaşamagymyzy üpjün edýär!
Bilşimiz ýaly, adamzat taryhyň has ir döwürlerinde ýaşaýyş şertleri üçin tebigy ýagtylyk (Gün, gije we gündiz), howanyň tebigy temperaturasy (sowuk, yssy, maýyl, salkyn), suwuň tebigy çeşmeleri (çeşme-çaýlar, bulaklar, derýalar) ýaly tebigatyň öz döreden iň gowy, haýyrly zatlaryndan peýdalanypdyr. Öý gurmak üçin baglardan, daglardan, çägeden peýdalanypdyr. Ol sazlaşyk bolsa howanyň arassa bolmagyna, serişdeleriň isrip edilişiniň has az bolmagyna, ynsanlaryň tebigat bilen has ysnyşykly bolmagyna, elin-tebigy serişdelerden peýdalanmagyna getiripdir.
Häzirki zamanda tehnologiýalaryň has ösmegi bilen baglanyşykly ynsanlaryň olara baglylygy ýüze çykýar. Bir tarapdan, ylmyň we tehnikanyň ösüş ýollarynyň has ilerleýänligine buýsanýanlygymyza garamazdan, ikinji bir tarapdan, tebigatyň öz döreden şertlerinden gündelik durmuşymyzda gönüden-göni peýdalanmak mümkinçiliklerimizi yzda goýmaly däldiris. Adamlaryň durmuşynyň ösen talaplaryna görä, zerur bolan zatlary tapmak, öndürmek, döretmek üçin uly harajatlar edilýär, gazylyp alynýan magdanlaryň, känleriň uly göwrümi sarp edilýär.
«Ýaşyl» energetikany durmuşymyza girizmek häzirki ekologiýa meselelerine has köp üns berilýän döwrüň möhüm zerurlyklarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, «ýaşyl» energiýa ulanylanda, howada has az zyňyndy döreýär. Sebäbi ol tebigy ýol bilen Gün şöhlesi, ýel, ýagyş, tolkunlar we geotermik ýylylyk ýaly tebigy gorlardan alynýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary astynda halkymyzyň baş saglygyny, abadan ýaşaýşy üpjün edilýän eziz Diýarymyzda diňe bir öz halkymyzyň däl, eýsem, sebitde, yklymda, dünýäde halklaryň we milletleriň, döwletleriň we ynsanlaryň parahat durmuşda, agzybirlikde, arassa ekologiýa şertlerinde ýaşamagy üçin uly göwrümli işler amala aşyrylýar. Biziň ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bolan energetika meselelerini — has ygtybarly, has peýdaly we has arassa energiýany öndürmekde, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini öndürmek arkaly çözmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle hem howanyň global gyzgynlygyna garşy göreşmek maksady bilen, zyýanly gazlaryň, şol sanda metanyň we kömürturşy gazynyň howa zyňylmasyny azaltmak ugrunda hem ähmiýetli ädimler ädilýär.
Ýurdumyzyň halk hojalygynda, ähli ulgamlarda — oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ulgamlarda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Muňa mysal edip, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlarynda ekologiýa taýdan arassa täze tehnologiýalaryň yzygiderli oturdylmagyny, Ahal welaýatynda dünýäde ilkinji bolup tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa ýangyjy öndürýän zawodyň işe girizilmegini, şeýle hem bu ugurda yzygider alnyp barylýan guramaçylyk işlerini belläp geçmek bolar. Şeýle hem Türkmenistan döwletimiziň Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýasyny, şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Pariž ylalaşygyna we Dubaýda geçirilen Cop-28-de Metany azaltmak boýunça global borçnama resmi taýdan goşulmagyny bellemek ýerlikli bolar. Türkmenistan 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2030-njy ýyla çenli zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny 20 göterim kemeltmek borçnamasyny üstüne aldy. Geljegi nazarlaýan esasy maksat bolsa, zyňyndylaryň görkezijisiniň nola deň bolmagyny gazanmakdyr. Bu maksatlar esasynda Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy, «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwürde gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa» ýaly maksatnamalar hem-de «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny howpsuz, abadan geljegiň aýdyň kepili bolup durýar.
Şeýle-de biziň ýurdumyz energetikany ösdürmek bilen, daşky gurşawy goramagyň arasyndaky deňagramlylygy saklamagy niýet edinýär. Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda gündelik durmuşymyzda gerek bolýan elektrik energiýasy ulgamynda «ýaşyl» energiýa geçmegiň üstünlikli tejribesi hökmünde, eýýäm işi ilerlän ugur diýip aýtmaga esas berýän Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurulmagyny, Arkadag şäherinde elektrik energiýasynda hereket edýän jemgyýetçilik ulaglaryny bellemek bolar.
Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmäge we uglerod gazyny azaltmaga üns berilýär, ugurdaş nebitli gazyň gaýtadan işlenilýän mukdary artdyrylýar, tebigy gaz ugradylanda ýitgiler azaldylýar.
Durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistan Ýewropa bileleşigi bilen işjeň gatnaşýar.
«ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda: syýasy dialog we 2024 — 2028-nji ýyllar üçin klimat hereketleri» atly taslama «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda döredilen Maglumat-seljeriş merkezini döwrebap enjamlar bilen üpjün etdi. Maglumat-seljeriş merkezi tarapyndan hünär derejelerini kämilleşdirmek, maksatnamalary işläp düzmek, okuw-usuly sapaklary geçirmek ýaly çäreleriň geçirilmegi bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň, şeýle hem Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň hünär derejeleriniň we mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy gazanylar. Bulardan başga-da, merkez öňdebaryjy IT-enjamlar we LDAR (gazyň syzmalaryny gözläp tapmak we öňüni almak) ýaly ölçeg abzallary bilen işlemegiň amaly tejribesini toplamaga ýardam edip, dürli halkara hemra çeşmelerinden alnan metanyň zyňyndylary barada maglumatlary toplamakda, işlemekde we barlamakda hünärmenleriň ukyplaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilip, geljekde energetika babatynda halkara ylmy guramalar bilen gatnaşyklaryň binýady goýuldy.
Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz 2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi.
Bar bolan serişdeleri aýap saklamak, olara eýeçilik gözi bilen garamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bu gün biziň aňymyzda adamzat nesillerine, ýagny biziň nesillerimize goragly, arassa biosferany, ekologiýany miras galdyrmak maksadymyzyň diňe bir ýagşy niýet bolman, eýsem, zerurlyk bolup durýanlygyna her birimiz düşünýäris.
Biziň Watanymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine esaslanyp, halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä ýüzünde ähli halklaryň, milletleriň, döwletleriň parahatçylykda erkana ýaşamagy, arassa howadan dem alyp, arzuw-maksatlaryna ýetmekleri we röwşen geljegine umyt baglamaklary ugrunda ummasyz işleri alyp barýar.
Baýramsoltan GURBANOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň
Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki
howpsuzlyk bölüminiň başlygy.
Hytaý we Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýoly bilen barýar – Ýuý Szýanlun
Hytaý Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar diýip, Hytaýyň halkara söwdanyň ösmegine ýardam etmek boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary we Hytaýyň Halkara Söwda Palatasynyň başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlunyň 18-nji martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) halkara forumynda eden çykyşynda belledi.
Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi
26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy.
ÝB — Merkezi Aziýa forumynda ulag, nebitgaz we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 19-njy maýda Almatyda geçirilen ikinji ÝB — Merkezi Aziýa ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek meseleleri maslahatlaşyldy
21-nji maýda, ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan 2024-nji ýylda ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýumlary özleşdirdi
Türkmenistan 2024-nji ýylda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça meýilnamasyny 110 % ýerine ýetirip, ähli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýumlaryny özleşdirdi. Bu barada 18-nji martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) halkara forumynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew aýtdy.