«Ýaşyl» energiýa çeşmelerini ösdürmegiň ajaýyp nusgasy

09:05 11.11.2025 2208

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15580/original-16912178a451eb.jpg

Häzirki wagtda Arkadag şäheri iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Dag tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy bolan bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar işjeň ulanyldy.

Daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny, biosferanyň köpdürlüligini gorap saklamak, tebigy baýlyklardan ýerlikli peýdalanmak işi dünýäde ýokary üns merkezinde saklanýar. Şoňa görä-de, Arkadag şäheriniň ýerleşen ýeriniň tebigy gözelligini saklamak, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksadynyň çäklerinde bu taryhy mekanda sanly we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak arkaly «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Bu şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda «Arkadagly ýaşlar» programmasy ornaşdyryldy. Bu «akylly» öýe degişli buýruklary ýerine ýetirýän programmanyň türkmen ýaşlarynyň zähmetiniň netijesidigi aýratyn buýsandyrýar.

Bu programmanyň esasy maksady her bir maşgalanyň rahat ýaşaýşyny üpjün etmek. Mysal üçin, maşgalanyň bir agzasy telewizory planşetiň üsti bilen işletse, onda serwer arkaly jaýyň içindäki ýiti ýanyp duran yşyk peselýär, perdeler ýapylýar. Öýüň içiniň temperaturasy hem-de çyglylyk ýagdaýy awtomatik görnüşde sazlanýar. Ýörite sensorlar arkaly işleýän kondisionerleriň, çyglylyk berýän enjamlaryň hem-de «otaglary arassala» diýen buýrukda hereket edýän tozan sorujy robat enjamlarynyň ýerine ýetirýän hyzmaty aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem «akylly» öýlerde «habar beriji» enjamlar bar. «Habar beriji» enjamlaryň esasy aýratynlyklary herekete görä işlemegidir, ýagny hereket bolan ýagdaýynda yşyklary ýakýar. Emma uzak wagt hereket bolmadyk ýagdaýynda yşyklary awtomatik ýagdaýda öçürýär.

Şeýle enjamlar öýüň içiniň suw ulgamyna hem goýlandyr. Eger suw syzmasy ýüze çykan ýagdaýynda öýdäki adamlara sesli habar berýär, öý eýesiniň mobil telefonyna sms habarnamasyny ýollap, awtomatik ýagdaýda suwuň akymyny bekleýär. Adyny agzan enjamlarymyzyň özbaşdak işlemek mümkinçilikleri hem bar. Bularyň ählisi elektrik toguny tygşytly peýdalanmaklyga getirýär. Elektrik togunyň tygşytly harç edilmegi ekoulgamy döretmekde hem-de ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda ähmiýetlidir. Arkadag şäherinde ilata hyzmat edýän elektrobuslardyr elektromobilleriň hereket etmegi, «akylly» yşyklandyryş ulgamy, Gün batareýalary, häzirki zaman sanly hyzmatlaryň bolmagy ýene bir gezek guwandyrýar. Täze şäherde ulanylýan «ýaşyl» tehnologiýalar ýurduň ekologik ykdysadyýetini, jemgyýetiň ekologik medeniýetini ösdürmek üçin örän wajypdyr.

Ýurdumyzda her ýylda miweli we saýaly agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek işleri asylly däbe öwrüldi. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde Arkadag şäheriniň ekologik abadançylygyny üpjün etmek üçin ýörite köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär. Şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde, medeni-seýilgäh zolaklary döredildi, owadan suw çüwdürimleri guruldy. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändiginiň güwäsidir.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda bina bolan Arkadag şäheri dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň gowşuran şahadatnamalarydyr güwänamalary «akylly» şäherde ýerine ýetirilen işleriň nusgalykdygyny tassyklaýar.

Çaryberdi REJEBOW,
«Arkadag» gazetiniň habarçysy.

Başga makalalar
164f876a934033.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164f970bf2995e.jpg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar

TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.


164f97116c9b62.jpg
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164f6d633d4134.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary nebitgaz toplumynyň önümlerini aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.