Durnukly ösüşiň we ekologiýa howpsuzlygynyň ýoly
12:26 14.11.2025 2846
Energiýa netijeliligi — energiýany tygşytly we maksadalaýyk ulanmak, ýagny şol bir netijäni (ýaşaýyş rahatlygy, önüm öndürmek, hyzmat bermek we ş.m.) gazanmak üçin has az energiýa sarp etmekdir. Bu ulgamda üstünlik gazanmak diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologiýa taýdan hem örän möhümdir.
Türkmenistanda soňky ýyllarda bu ugurda birnäçe ädim edilýär. Energiýa netijeliligi boýunça milli strategiýa taýýarlanylýar. Energiýa sarp edilişini azaltmak, öý hojalyklarynda, kärhanalarda we döwlet edaralarynda tygşytly ulgamlary ornaşdyrmak maksat edinilýär. Jaý gurluşygynda ýylylyk izolýasiýasy we energiýa tygşytlaýjy gurluş materiallary ulanmak höweslendirilýär. Döwlet edaralarynda we şäher köçelerinde ýagtylandyryş ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar. Gün we ýel energiýasy boýunça taslamalar işlenip düzülýär. Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlary we kiçi elektrik stansiýalary gurulýar.
Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak Türkmenistana birnäçe peýda getirip biler. Energiýa serişdeleriniň tygşytlanmagy we eksport kuwwatynyň artmagy, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen iş orunlarynyň döremegi we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy muňa aýdyň mysaldyr.
Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak diňe tehniki mesele däl, eýsem, ykdysady, ekologik we durmuş ähmiýeti bolan giň ugurdyr. Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işler dowam etdirilse, ýurduň durnukly ösüşine, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna we ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant bolar.
Energiýa tygşytlamak, aýratyn hem, senagatda önümçilik çykdajylaryny azaldýar. Elektrik we gaz hasaplarynyň peselmegi bilen kompaniýalar we raýatlar üçin ykdysady peýda döredilýär. Içerki energetika sarpynyň azalmagy daşary ýurt energiýa importyna garaşlylygy azaldýar. Tygşytlanan energiýa serişdeleri daşary ýurtlara eksport edilip, döwlet girdejilerini ýokarlandyrýar. Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary girizmek energetika we önümçilik sektorlarynda täze iş ýerlerini döredýär.
Çig nebitiň we gazyň sarp edilişiniň azalmasy howanyň hapalanmasyny, CO2 gazynyň çykarylmagyny azaldýar. Tebigy gorlaryň tygşytly ulanylmagyna goşant goşýar. Gün, ýel we suw energiýasy ýaly arassa energiýa çeşmeleriniň netijeli ulanylmagy daşky gurşawyň goragyny üpjün edýär. Tygşytlanan energiýa we energiýa netijeliligi bilen ýerli ekosistemalaryň goralmagyna goşant goşulýar.
Elektrik we gaz sarpynyň netijeli ulanylmagy, altyn ýokary ýaşaýyş şertlerini üpjün edýär. Energiýa tygşytlamak we netijelilik baradaky bilimiň artmagy, jemgyýetde ekologik we ykdysady düşünjäni ösdürýär. Energiýa netijeliligi jemgyýetiň we ýurduň geljekki nesilleriň durnukly ösüşine goşant goşýar.
Durnukly energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi, Gün we ýel energiýasy bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýaly işler alnyp barylýar.
Energiýa tygşytlylygy jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm bölegidir. Bu ugur dünýäniň ähli döwletleriniň syýasatynda wajyp orny eýeleýär. Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak dürli pudaklarda amala aşyrylýar. Köne enjamlary täze, tygşytly görnüşine çalyşmak, awtomatlaşdyrma ulgamyny ornaşdyrmak, elektrik ýa-da gibrid ulaglary ulanmak, ýol hereketiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, elektrik stansiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulanmak, LED lampalary, suwy we ýylylygy tygşytly ulanmak ýaly işler dowam etdirilýär.
Ýewropa Bileleşigi we Ýaponiýa energiýa netijeliligi boýunça öňdebaryjy ýurtlardyr. Olar köne binalarda izolýasiýa geçirýärler, tygşytly tehnologiýalary höweslendirýärler. ABŞ-da «Energy Star» atly ýörite programma bar. Ol tygşytly enjamlara sertifikat berýär. Gündogar ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem häzirki wagtda energiýa tygşytly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Türkmenistan energiýa serişdelerine baý bolsa-da, olaryň tygşytly ulanylmagy möhüm ugur hökmünde öňe sürülýär. Soňky ýyllarda LED yşyklandyryş ulgamlary giňden ulanylýar. Täze gurluşyk jaýlarynda ýylylyk izolýasiýasy güýçlendirilýär. Gün energiýasy boýunça pilot taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwlet derejesinde bu ugurda ýörite strategiýalar taýýarlanylýar, halkara hyzmatdaşlygy güýçlenýär. Energiýany tygşytly ulanmak tebigy serişdeleri gorap saklaýar, çykdajylary azaldýar, ekologiýany arassalaýar, durnukly ösüşe goşant berýär.
«National Strategy for the Development of Renewable Energy until 2030» diýen resminama bar, onda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini (Gün, ýel we ş.m.) ulanmak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly maksatlar görkezilýär. Strategiýanyň esasy ugurlaryna energiýa auditleri we energiýa pasportlary ýaly kadalary girizmek, binalarda we gurluşyk işlerinde netijeliligi ýokarlandyrmak, izolýasiýa ulgamlaryny, tygşytly enjamlary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ösdürmek we Gün energiýasy potensialyna ünsi jemlemek, halkyň habarlylygyny ýokarlandyrmak we hususy sektor derejesindäki işjeňlik, jemgyýetçilik maglumat kompaniýalary, ýaşlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagy degişli bolup durýar.
Nebit, tebigy gaz ýaly ýangyç serişdeleri çäklidir we wagtyň geçmegi bilen bahasy ýokarlanýar. Energiýanyň köp sarp edilmegi howanyň üýtgemegine, karbon gazynyň köpelmegine we tebigy serişdelere zyýan ýetirýär.
Energiýa tygşytlaýjy lampalary we güýç tygşytlaýjy enjamlary ulanmak, senagatda we öýlerde energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, awtomobillerde üznüksiz hereket ulgamlary we elektrik ulagyny giňeltmek, energiýa tygşytlamagy maksat edinýän milli maksatnamalary işläp taýýarlamak tygşytlamanyň esasy usullarydyr.
Nowruz MERDANOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary nebitgaz toplumynyň önümlerini aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.