Parahat zeminiň üstünde energiýa abadançylygy
09:05 09.12.2025 2820
Global ösüşiň iň möhüm sütünleriniň biri bolup durýan energiýa resurslary häzirki zaman jemgyýetiniň ykdysady taýdan ösüşiniň, önümçiligiň giňelmeginiň, tehnologiýalaryň ösmeginiň we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagynyň möhüm çeşmesidir. Energiýa ulanylyşy diňe bir durmuş zerurlygy däl, eýsem, tebigy ylymlarda möhüm orny eýeleýän klimatik prosesler bilen hem gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonuň üçin global energiýa sarp edilişiniň artmagy ýa-da üýtgemegi bütindünýä howa-temperatura deňagramlylygyna güýçli täsir edýär. Bu gatnaşygy diňe ykdysady taýdan däl, eýsem, fiziki, biologik hem-de ekologiýa taýdan giňişleýin seljermek möhüm hasaplanylýar. Häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan klimatik üýtgeşmeler adamzadyň iň möhüm howpsuzlyk meseleleriniň birine öwrüldi. Atmosfera gatlagynda ýylylygyň saklanmagy netijesinde döreýän kükürt gazlarynyň köpelmegi sebäpli howanyň global ýylamagy güýçlenýär, bu bolsa ekosistemalara, ykdysadyýete we jemgyýetçilik saglygyna uly täsir ýetirýär. Energiýa çeşmelerini rejeli, tygşytly we ekologiýa taýdan arassa ulanmaga dünýäde durnukly ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar.
Häzirki wagtda dünýäniň we ýurdumyzyň ekologik barlaghanalarynda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň sebäpleri, onuň peseldilmegi üçin energiýa ulgamlarynda durmuşa geçirilýän çäreler hem-de öňde goýulýan maksatlar seljerilýär.
Ekologlaryň bellemegine görä, atmosfera gatlagynda CO2, CH4, N2O ýaly kükürt gazlarynyň köp mukdarda jemlenmegi Günden gelýän ýylylyk şöhlelenmesi netijesinde, ýeriň gyzmasynyň esasynda howanyň umumy temperaturasynyň ýokarlanmagyna getirýär. Ýer ýüzüniň albedosy, ýagny Ýer ýüzüne düşýän Gün şöhlesiniň gaýtarylyş ukyby sowamagyň ýa-da gyzmagyň determinantlarynyň biridir. Senagatda, ulaglarda we elektrik energetikasyna degişli desgalarda kömür, nebit we tebigy gaz ýaly ýangyçlaryň köp mukdarda ulanylmagy dünýäde kömürturşy gazynyň (CO2) köpelmegine getirýär. Şeýlelikde, energiýanyň köp bölegi ýitgi hökmünde sarp edilýär. Bu bolsa goşmaça energiýa öndürilmegine, netijede bolsa, köp çykdajyly we ekologiýa taýdan zyýanly işleriň artmagyna getirýär. Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny hem-de biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek maksady bilen dünýäde energiýany gaýtadan işlemek çäreleri alnyp barylýar.
Ýarymgeçirijiler fizikasynyň üstünlikli açyşlaryndan Gün panelleriniň üsti bilen Gün energiýasynyň hasabyna elektrik togunyň alynmagy, mundan başga-da, biologiýa ylmynda bolsa, biomassa ylmy, ýagny ýylylyk, elektrik energiýasy we bioýangyç öndürmek maksady bilen gaýtadan işleýän energiýa çeşmesiniň öwrenilmegi XX asyrda umumadamzat bähbitli edilen uly işleriň biri hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Mundan başga-da, ýel energiýasynyň hem-de geotermal çeşmeleriň senagata ornaşdyrylmagy bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça edilen ägirt uly işleriň biridir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda we dünýäde toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde önümçilikde, ýaşaýyş jaýlarynda we jemgyýetçilik binalarynda ýylylyk izolýasiýasynyň gowulandyrylmagy, LED yşyklandyryş ulgamynyň ulanylmagy, «akylly» energetika ulgamlary energiýanyň sarp edilişini azaldýar. Soňky ýyllarda köp döwletler «ýaşyl» energetika syýasatyny durmuşa geçirip, kömürturşy gazynyň möçberini peseltmek maksady bilen milli strategik maksatnamalary kabul etdiler. Bu bolsa dünýäde ekologiýa taýdan arassa önümleri döretmekde ähli ýurtlaryň halklarynyň arasynda güýçli bäsdeşligi emele getirýär.
Geljekde ekologik gurşawy gorap saklamak hem-de köpugurly iş maksatnamalaryny düzmek babatda dünýädäki öňdebaryjy ýurtlarda «akylly» şäherleri gurmak, elektrik ulaglaryna geçmek, energiýa saklaýjy batareýalary, nanotehnologiýalary, uglerodsyz önümçilik ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ilatyň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagy howanyň üýtgemegi bilen göreşde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigindäki ýurtlar 2050-nji ýyla çenli döwür üçin «Uglerodsyz ykdysadyýet» milli maksatnamasyny kabul etdi. Hytaý Halk Respublikasy bolsa, dünýäde Gün panellerini we ýel turbinalaryny iň köp öndürýän döwlet bolup, 2060-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaşyl infrastrukturalar üçin milliardlarça dollar maýa goýum goýdy.
Ýurdumyzda soňky ýyllarda Gün panelleri köp ýaşaýyş jaýlarynda we daýhan hojalyklarynda ornaşdyrylýar. Aşgabatda, Mary we Balkan welaýatlarynda Gün energiýasyny barlag ediji oturymly stansiýalar işleýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Gün energiýasyna degişli täze taslamalar üçin dürli maýa goýum mümkinçilikleri döredilýär. Şol sanda Türkmenistanda aýratyn potensially zolaklary bolan Hazaryň kenarynda, Balkan daglarynyň eteklerinde we Garagumuň käbir sebitlerinde ýel tizlikleriniň ýylyň dowamynda ýokary bolmagy energiýa öndürmekde uly mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda tokaý zolaklaryny giňeltmek, suw serişdelerini tygşytlamak we çölleşmä garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, geljekde ýurdumyzda iri Gün elektrik stansiýalarynyň, ýel turbinalarynyň toplumlaýyn gurulmagy, elektrik ulag ulgamyna geçilmegi hem-de wodorod energiýasyny öndürmek meýilleşdirilýär.
Patma AGAGELDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Palestinanyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i
Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.