“Türkmengazgurluşyk” halkara tender yglan edýär: 09.12.2025 - 07.01.2026
15:07 11.12.2025 890
Hormatly jenaplar!
“Türkmengazgurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti
Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyna zerur bolan kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:
Lot №1 – Kömekçi materiallar we metal önümleri.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- Aşgabat ş. Oguzhan köçesiniň 189-njy jaýy, 3-nji gat, № 49 iş otagy salgysyna bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär).
- bäsleşige gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde (GBüS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi tölemeli we soňra tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.
Bäsleşik teklipleri tenderde gatnaşmak üçin töleg geçirilenden soňra kabul ediler.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda soňky iş güni sagat 12:00-a çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Ähli zerur maglumatlary http://www.oilgas.gov.tm/
salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri (faks): + (993 12) 95-76-93;
Elektron salgysy: tapi-pmu@turkmengaz.gov.tm.