“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 24.12.2025 - 07.01.2026
10:43 25.12.2025 870
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Caterpillar C-27 we Caterpillar CAT-3406 kysymly tehnikanyň içki ýangyç hereketlendirijilerini (ДВС) abatlamak üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça manatda №2025/49 belgili tender yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin:
1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatare-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;
3. Bäsleşik tekliplerini azyndan 8 simwoldan ybarat parol goragy bilen ZIP formatda arhiwlenen elektron PDF formatynda bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993-65-83-18-99, +993-62-74-18-80.