"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” tender yglan edýär: 25.12.2025 - 29.12.2025
11:19 26.12.2025 1047
"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy Gyýanlydaky toplumynyň önümçilik däl desgalaryna tehniki hyzmat bermek boýunça№ PCT/TAD/2025/001 belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar.
Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:
- tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
- arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
- Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);
- degişli iş tejribesiniň samawy.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 5 (bäş) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda Türkmenistan, Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81 salgy ýa-da elektron salgy boýunça kabul edilýär.
Elektron salgysy:
Başga makalalar