Türkmenistanyň gazçylary täze ulag serişdelerini aldylar
13:35 27.12.2025 4209
Türkmenistanyň gündogar sebitiniň gaz senagaty milli ykdysadyýetiň binýadyny berkitmek bilen, yzygiderli ösmegini dowam etdirýär. Bu ugurdaky amaly ädimleriň biri hökmünde, pudak hünärmenleriniň iş şertleriniň amatlylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen «Lebapgazçykaryş» müdiriýetiniň ulag infrastrukturasynyň täzelenmegini görkezmek bolar.
Ulag kärhanasynyň ygtyýaryna «Dong Feng EQ 6820 ZT» kysymly döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 11-si gelip gowuşdy. Täze tehnikalar awtoparkyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi, häzirki wagtda bu ýerdäki ýolagçy ulaglarynyň sany 27-ä ýetdi. Bu bolsa işgärleri önümçilik we gurluşyk desgalaryna durnukly hem-de guramaçylykly gatnatmaga şert döretdi.
Hytaýda öndürilen bu awtobuslar 22 ýolagça niýetlenen bolup, olar çöl sebitiniň çylşyrymly howa we ýol şertlerine uýgunlaşdyrylandyr. Şonuň netijesinde, Garagumuň çet sebitlerinde ýerleşýän gaz ýataklaryna hünärmenleri eltmek has çalt we ygtybarly ýola goýuldy.
Täze ulaglaryň işe girizilmegi bilen gatnaw ugurlarynyň ulgamy hem täzeden garaldy. Häzirki wagtda ulaglar bäş ugur boýunça işläp, esasy gaz çykaryş desgalary bilen yzygiderli gatnawy üpjün edýärler. Awtobuslaryň bir bölegi Kerpiçli we Kükürtli ýataklaryna hyzmat edýän bolsa, beýlekileri Bagaja we Malaý desgalaryna berkidildi. Galan ulaglar bolsa Naýyp, Gazlydepe, Böwrüdeşik we Balguy ýaly önümçilik merkezlerinde zähmet çekýän işgärleri gatnatmak üçin ulanylýar.
Awtoparkyň täzelenmegi diňe bir önümçilik işiniň guralyşyna däl, eýsem işgärleriň durmuş şertlerine hem oňyn täsirini ýetirdi. Ýolda sarp edilýän wagt gysgaldy, oňaýlylyk we howpsuzlyk derejesi ýokarlandy, bu bolsa öz gezeginde zähmet düzgün-nyzamynyň we iş netijeliliginiň artmagyna ýardam edýär.
Önümçilik ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler üçin mynasyp şertleri döretmek baradaky yzygiderli alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýar. Täze awtobuslar — özleriniň gündelik zähmeti bilen «mawy ýangyjyň» çykarylmagyny üpjün edýän we ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine uly goşant goşýan adamlara bolan üns-aladanyň aýdyň mysalydyr.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.