“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 26.12.2025 - 06.01.2026

12:02 28.12.2025 627

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy   ýangyn söndürijilere tehniki hyzmat bermek, olary gaýtadan doldurmak hem-de zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny çalyşmak boýunça manatda № 2025/52 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatare-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;

3. Bäsleşik tekliplerini azyndan 8 simwoldan ybarat parol goragy bilen ZIP formatda arhiwlenen elektron PDF formatynda bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993-65-83-18-99, +993-63-27-42-34.

Başga makalalar