CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 05.01.2026 - 11.01.2026

12:50 06.01.2026 848

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasyndaky abatlaýyş-mehaniki gullugy üçin aýlaw we statiki enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça CIT-25033-MR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

1.       Bäsleşige gatnaşmak üçin arza.

2.       Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat.

3.       Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat.

4.       Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasy.

Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanyp, sahypalary çatylan we belgilenen görnüşde möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:

Jogapkär hünärmen: Şasoltan Hasanowa.

Telefon belgisi: +993-12-44-52-00 (5701).

Faks: +993-12-44 50 44.

Başga makalalar