“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 07.01.2026 - 15.01.2026

11:49 11.01.2026 1355

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy   Guýy enjamlaryny oturtmak, sökmek. geofiziki rolik asmak üçin ПКС-5М göterijisi bilen bilelikde ýük göterijiligi 25 tonna bolan awtokran ulagy bilen üpjün etmek boýunça manatda №2026/01  belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatare-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;

3. Bäsleşik tekliplerini azyndan 8 simwoldan ybarat parol goragy bilen RAR formatda arhiwlenen elektron PDF formatynda bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin:

+993-65-83-18-99, +993-62-74-18-80.

Başga makalalar