“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 04.02.2026 - 12.02.2026

18:11 06.02.2026 527

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy   КамАЗ Евро -5”, “Moteurs Baudouin 6M21G385/5e2” we “4M06G44/5e2(E)” kysymly ýöriteleşdirilen tehnikanyň içki ýangyç hereketlendirijilerini hem-de dizel elektik stansiýalaryny düýpli abatlamak boýunça Türkmenistanyň manadynda №2026/05 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin:

1.  Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatare-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;

3. Bäsleşik tekliplerini azyndan 8 simwoldan ybarat parol goragy bilen RAR formatda arhiwlenen elektron PDF formatynda  bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin:

+993-65-83-18-99, +993-62-74-18-80.

Başga makalalar