"Eni Turkmenistan Limited" kompaniýasy energiýa çeşmeleri üçin geologiýa pudagynda magistr maksatnamasyna ýüztutmalaryň kabul edişliginiň başlandygyny yglan etdi

18:12 06.02.2026 446

Eni Korporatiw Uniwersiteti geologiýa pudagynda magistr derejesini almak üçin  iki ýyllyk okuw maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Italiýanyň nebit we gaz geologiýasy babatda iň abraýly ylmy-tehniki okuw mekdepleriniň biri tarapyndan teklip edilýän bu dersara maksatnama geologiýa, sedimentasiýa prosesleri, geofizika we basseýnleriň seljermesi, sekwensiýa stratigrafiýasy we seýsmiki düşündiriş ýaly häzirki zaman gözleg usullary babatda çuňňur bilimleri almaga gönükdirilendir. Ol ösüp barýan energetika pudagyna gönükdirilip, geologlary adaty geologiki bilimleri energiýa çeşmelerini gözlemegiň we almagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrmak usulynda taýýarlaýar.

Bu kurs Eni bilen Eni Korporatiw uniwersitetiniň ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginde işlenip düzüldi we tehniki tejribä, meseleleri çözmäge, aragatnaşyga we üznüksiz okuwa aýratyn üns berip, energetika kompaniýalarynda, konsalting firmalarynda, ylmy-barlag we döwlet edaralarynda işlejek hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Maksatnama (2026-2027 we 2027-2028)  iki akademiki ýyl üçin niýetlenendir. Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

• Tebigy ylymlar boýunça bakalawr derejesi bolmaly;

ýaşy 32-den uly bolmaly däl;

• Iňlis dilini erkin bilmeli (azyndanB2derejede) we tassyklaýjy şahadatnamasy bolmaly.

Uniwersitet aşakdaky dil şahadatnamalaryny kabul edýär:

• Cambridge ESOL: IGCSE - Orta bilim üçin halkara şahadatnama;

• Gatehouse Awards: Daşary ýurt dili hökmünde halkara iňlis dili boýunça 1-nji derejeli GA şahadatnamasy (nusgawy B2);

• IELTS synagy: 5.5-6.5;

• LanguageCert International ESOL (ýazmaça we dilden): LanguageCert International ESOL B2 Communicator;

• PEARSON TEST OF ENGLISH (PTE General): 3 dereje;

• TOEFL (iBT): 72-94;

• Trinity ISE: 2;

• Oksford uniwersiteti: Oxford Test of English B2.

Dalaşgärler kompaniýanyň etl.jobs@eni.com:  elektron salgysyna aşakdaky resminamalary ugratmaly:

-         CV (rezýume)

-         Içerki we daşary ýurt pasporty (okuwyň tutuş döwri üçin hereket edýän bolmaly)

-         Diplomyň göçürmesi (ähli goşundylary bilen)

-         Harby bilet

-         Iňlis diliniň halkara şahadatnamasy

Arzalar 2026-njy ýylyň 18-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Başga makalalar