“DEMIRGAZYK SÖWDA YOLY” Hojalyk jemgyýeti tender yglan edýär: 17.02.2026 - 20.03.2026

09:50 18.02.2026 480

“DEMIRGAZYK SÖWDA YOLY” Hojalyk jemgyýeti daş kagyzyň önümçiligi üçin  tehnologiki liniýa (doly we gutarnykly ýagdaýda) satyn almak boýunça №15-ХО belgili açyk tender boýunça bäsleşik tekliplerini bermegiň möhletini 2026-njy ýylyň 17-nji fewralyndan  2026-njy ýylyň 20-nji martyna çenli uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

1.     Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip, demirgazyksovdajoly@gmail.com

  e-mail salga arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;

3. Bäsleşik teklipleri mart aýynyň 20-sine ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu aşakdaky tertipde tabşyrylýar:

Bäsleşik tekliplerini iki bukjada ("A" – umumy we tehniki şertler we "B"- maliýe şertleri) tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 222-2-07-34.

Başga makalalar