"Eni Turkmenistan Limited" kompaniýasy tender yglan edýär: 18.03.2026 – 05.04.2026

13:15 19.03.2026 475

“Eni Türkmenistan Limited” kompaniýasy 2026/2027 okuw ýyly üçin Energetika, daşky gurşawy goramak we ykdysadyýet ugry boýunça MEDEA magistr maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edişligini yglan edýär.

Eni Korporatiw Uniwersiteti Energetika, daşky gurşawy goramak we ykdysadyýet ugry boýunça magistr derejesini almak üçin  MEDEA okuw maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu maksatnama Enriko Mattei mekdebi (“Eni” kompaniýasynyň golçur kärhanasy) hem-de Pawia uniwersiteti bilen bilelikde gurnalyp, energiýa we daşky gurşawyň goragy boýunça işleýän kompaniýalarda, edara-kärhanalarda hünär derejesini ýokarlandyrmak isleýän ýaş uçurymlar üçin niýetlenendir. Maksatnama üç tapgyrdan ybarat bolup, ykdysadyýetiň esaslaryny, energiýa üpjünçiligi zynjyryny, umumy we anyk daşky gurşaw meselelerini, energiýa pudagynda dolandyryş we maliýe temalaryny öz içine alýan köp sanly kurslardan ybarat. Jemleýji tapgyrda talyplar taslama işlerini ýerine ýetirýärler.

Okuw ýyly San Donato Milanesdäki Eni Korporatiw Uniwersitetinde 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda başlap, 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli dowam eder. Esasy kurslar doly gatnaşyk arkaly iňlis dilinde geçiriler, şol bir wagtyň özünde ýurduň içinde aragatnaşygy ýeňilleşdirmek üçin 2026-njy ýylyň tomsunda uzak aralykdan italýan dili kursy geçiriler. Synaglary üstünlikli tabşyran talyplara magistr derejesi beriler.

Bu maksatnama üçin esasy talaplar:

• ykdysadyýet, inženerçilik, matematika, fizika, himiýa, geologiýa, statistika, hukuk, syýasat ylymlary ýa-da halkara gatnaşyklary boýunça bakalawr derejesi;

• 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýa-da ondan soň doglan bolmaly, 32 ýaşdan uly bolmaly däl;

• iňlis dilini erkin ýagdaýda bilmeli.

Dalaşgärler kompaniýanyň etl.jobs@eni.com e-poçta salgysyna aşakdaky resminamalary ugratmaly:

-          CV (rezýume)

-          Içerki we daşary ýurt pasporty (okuwyň tutuş döwri üçin hereket edýän bolmaly)

-          Diplomyň göçürmesi (ähli goşundylary bilen iňlis diline terjime edilen bolmaly)

-          Harby bilet

-          Iňlis dilini bilýändigi barada şahadatnama (eger ol bar bolsa)

Arzalar 2026-njy ýylyň 5-nji apreline çenli kabul edilýär.

Başga makalalar