Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy mynasybetli Halkara maslahat açyldy
20:41 16.04.2026 2125
Şu gün, 16-njy aprelde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ýokary derejeli umumy mejlisi strategik energetika hyzmatdaşlygy, maýa goýumlary we gaz pudagynyň ösüşi ýaly möhüm temalary öz içine aldy. Mejlise Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow moderatorlyk etdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan, Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, şeýle-de Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan çykyş etdiler.
Çykyş edenler Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky energetika dialogynyň tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Maslahatyň maksatnamasyna iki sany mowzuklaýyn sessiýa girizildi. Birinji sessiýa Türkmenistanyň ileri tutulýan gaz taslamalaryna — serişde binýadyna, maýa goýum mümkinçiliklerine we halkara bazarlaryna energiýa göterijileri durnukly ibermek üçin eksport düzümini ösdürmek meselelerine bagyşlandy.
Ikinji sessiýa bolsa hyzmatdaşlygyň ylmy we bilim ugurlaryny öz içine aldy. Bu ýerde nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp düzmek, türkmen we hytaý hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de ylmy gatnaşyklary berkitmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabat forumy köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemek we ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin öňdebaryjy bilermenleri, degişli pudak müdiriýetleriniň ýolbaşçylaryny we iri energetika kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Maslahatyň çäginde, şeýle-de gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň we Hytaýyň gaz senagatyndaky soňky gazananlary we tehnologik çözgütleri bilen tanşyp biljek mowzuklaýyn sergisi hem guraldy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.