“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 17.04.2026 - 07.05.2026

16:09 17.04.2026 289

“Tatneft” JPJ-niň  Türkmenistandaky şahamçasy şahamçany aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün etmek üçin tor enjamlaryny satyn almak boýunça Russiýanyň pul birligi rublda №2026/21 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin:

1.  Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, KhalilulinBS@tatneft.tatare-mail salga ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen salga ugradylar;

3. Bäsleşik tekliplerini azyndan 8 simwoldan ybarat parol goragy bilen RAR formatda arhiwlenen elektron PDF formatynda bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap, 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00 çenli tabşyrmaly.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993-65-83-18-99, +993-62-60-07-11.

Başga makalalar