“Eni Türkmenistan Limited” kompaniýasy aşakdaky wezipe boýunça işe kabul edilýändigini yglan edýär:

10:20 12.05.2026 345

Üpjünçileri dolandyrmak boýunça inžener (wagtlaýyn)

Esasy talaplar:

1.     Ýokary bilim (ykdysadyýet/biznesi dolandyrmak/hukuk ugurlaryna artykmaçlyk berilýär)

2.     Iş tejribesi – satyn alyşlar, üpjünçileri dolandyrmak ýa-da üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak ulgamynda 3 ýyldan az bolmadyk tejribe

3.     Türkmen, rus we iňlis dillerini gowy bilmek

4.     Kompýuter endikleri: Microsoft Office, Excel, Outlook, SAP, VMS

Iş şertleri:

• Iş tertibi: 5/2

• Iş ýeri: kompaniýanyň edara binasy, Aşgabat ş.

Dalaşgärler öz rezumelerini we degişli bilim resminamalaryny kompaniýanyň etl.jobs@eni.com elektron salgysyna, hatyň mowzugynda wezipäniň adyny görkezip, ibermelidirler. Arzalary kabul etmegiň iň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 22-nji maýy. Talaplara has laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Başga makalalar