“Eni Türkmenistan Limited” kompaniýasy aşakdaky wezipe boýunça işe kabul edilýändigini yglan edýär:

10:19 12.05.2026 412

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary (IKT) infrastrukturasy boýunça inžener (wagtlaýyn)

Esasy talaplar:

1.     Ýokary bilim (maglumat tehnologiýalary, kompýuter ylymlary we inženerçiligi, telekommunikasiýa inženerçiligi ýa-da meňzeş ugurlar boýunça)

2.     Iş tejribesi – halkara toparynda ýa-da korporatiw IT-gurşawynda, nebit-gaz pudagynda IT-infrastrukturany we ulgamlary dolandyrmak ulgamynda 3 ýyldan az bolmadyk tejribe

3.     Zerur sertifikatlar:

• Microsoft: Windows Server / Azure Administrator

• Wirtualizasiýa: Vmware

• Tor tehnologiýalary: Cisco, CompTIA Network+

• IT-hyzmatlaryny dolandyrmak: ITIL Foundation

• Howpsuzlyk: Cisco, Palo Alto, CompTIA Security+

4.     Türkmen, rus we iňlis dillerini bilmek.

Iş şertleri:

• Iş tertibi: 5/2

• Iş ýeri: kompaniýanyň edara binasy, Aşgabat ş.

Dalaşgärler öz rezumelerini we degişli bilim resminamalaryny kompaniýanyň etl.jobs@eni.com elektron salgysyna, hatyň mowzugynda wezipäniň adyny görkezip, ibermelidirler.

Arzalary kabul etmegiň iň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 22-nji maýy. Talaplara has laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Başga makalalar