Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 20.05.2026 - 26.05.2026 aralygynda tender yglan edýär:
09:24 23.05.2026 803
Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” Şertnamalaýyn çäkde PD(A) we PD(B) üçin ýag we antifriz satyn almak barada №. CIT-26010-MR belgili Tenderi yglan edýär.
Bu Tendere gatnaşmak üçin islendik gyzyklanma bildirýän kompaniýa şular teklip edilýär:
1. Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy we bank rekwizitlerini görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak üçin arza bermeli;
2. Tender boýunça resminamalar (ITB) üçin pul serişdelerini geçirmek üçin hasap almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda Gatnaşyja berler.
3. Tender boýunça resminamalary we pul geçiriminiň göçürmesini almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport göçürmesini, baş ynanç hatynyň göçürmesini tabşyrmak bilen tender tabşyrykly bukjany (ITB) almaly.
Arza tender barada bildirişiň habar beriş serişdelerinde çap edilen wagtyndan 7 (ýedi) günüň dowamynda berilmelidir. Şol möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez.
Tendere gatnaşmagyň şertleri barada takyk maglumaty almak we arzalary bermek şu salgy boýunça amala aşyrylýar: Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/3, HMNK-niň ofisi, Aşgabat, Türkmenistan
Habarlaşmaly adam
Narine Simonýan
Tel: (+993-12) 44-54-34