“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy TENDER yglan edýär: 20.05.2026 - 12.06.2026
09:23 23.05.2026 1331
“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy F-800 ätiýaçlyk nasos blogyny dikeltmek üçin ätiýaçlyk şaýlary we materiallary satyn almak Türkmenistanyň manatlarynda we RF-niň rubllarynda №2026/28 belgili TENDERI yglan edýär:
Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1. Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arza (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy we bank rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada görkezilen elektron salgyňyz boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3. Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.
4. Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 15 (on baş) günüň dowamynda ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan gijä galman berilmelidir. Şol möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez.
Anyklaşdyryjy maglumaty bermek:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-65-83-18-99 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;
Tehniki meseleler barada baş mehanige +993-65-35-12-57; +993-62-74-18-80 belgili telefonlar boýunça ýüz tutmaly;