«Türkmengaz» döwlet konserni açyk tender yglan edýär: 21.05.2026 - 06.07.2026
09:20 23.05.2026 782
Hormatly jenaplar!
«Türkmengaz» döwlet konserni 21.05.2026 - 06.07.2026 aralygynda «Türkmengaz» DK-niň zerurlyklary üçin madyy-tehniki serişdeleri satyn almak üçin № T/GAZ-027 belgili açyk tender yglan edýär
Tendere gatnaşmaga diňe haryt (tender resminamalary bilen kesgitlenen talaplara kybap gelen ýagdaýynda) öndürijileri bolup durýan taraplar gatnaşyp bilýär.
Lot №2 – «Umumy zawod enjamlary»;
Lot №2 – «Tehnologiýa enjamlary».
Size şu salgy boýunça şular teklip edilýär: Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat «Türkmengaz» DK;
- Tenderiň belgisi we ady (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy we bank rekwizitlerini görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak üçin arza;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- lotlaryň häsiýetnamasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.
Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Ähli zerur maglumatlary http://www. turkmengaz.gov.tm, http://www.oilgas.gov.tm salgydan ýükläp ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.
Elektron salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.
Tendere gatnaşmak üçin teklipler 06.07.2026 ý. ýerli wagt bilen sagat 15:00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.
Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen (kotirowkaly), degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seredilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Elektron salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.
odum@turkmengaz.gov.tm.
“Türkmengaz” DK internet saýtynyň salgysy: http://www.oilgas.gov.tm