«Türkmennebit» DK açyk halkara tenderini yglan edýär: 16.05.2026 - 02.07.2026

09:22 23.05.2026 597

Hormatly jenaplar!

«Türkmennebit» DK tender toparynyň adyndan «Türkmennebit» DK-niň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak üçin  №-164/1 belgili açyk halkara tenderini gaýtadan yglan edýär.  Tendere gatnaşmaga diňe haryt (tender resminamalary bilen kesgitlenen talaplara kybap gelen ýagdaýynda) öndürijileri bolup durýan taraplar gatnaşyp bilýär.

              Lot №2- «Umumy zawod, tehnologiýa, buraw enjamlary»;

Size şu salgy boýunça şular teklip edilýär: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat «Türkmennebit» DK:

·  tendere gatnaşmaga isleg barada arza (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy we bank rekwizitlerini görkezmek bilen;

· "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

·  lotlaryň häsiýetnamasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

· Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 575 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tender boýunça teklipler “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 30 (otuz) günüň dowamynda, emma 12.00 sagatdan (ýerli wagt boýunça) gijä galman kabul edilýär.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler seredilmäge degişli edilýär. 

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen (kotirowkaly), degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seredilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-39-24 (faks), 40-39-93, 40-39-90, 40-31-67, 40-31-82, 40-31-81 (tehniki meseleler üçin). fer@turkmennebit.gov.tm (эл.адрес).

Başga makalalar