Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada ýatagynda gaz we nebit kondensaty garyndysyny bölýän hem-de daşaýan desga gurlup, ulanyşa girizildi. Bu täze desga «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň sargydy boýunça «Nebitgazçykaryş» trestiniň Ýöriteleşdirilen gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan taslanan bu desga üç basgançakly separatoryň kömegi bilen Uzynada ýatagynda çykarylýan nebit-kondensat garyndysyny gazdan, şeýle-de suwdan we beýleki mehaniki garyndylardan arassalamaga mümkinçilik berýär. Aýrylan «mawy ýangyç» 32,3 km uzynlykdaky täze çekilen turbageçiriji arkaly Barsagelmez ýatagynyň gazgysyjy bekediňe ugradylýar.
Durnuklaşdyrylan nebit kondensaty ýörite gaplarda ýygnalyp, Gumdagyň nebit taýýarlaýjy we geçiriji bekedine daşalýar. Desga 3 million kub metr tebigy gazy we 2 müň tonna nebit-kondensat garyndysyny gaýtadan işlemäge ukyplydyr.
Hünärmenleriň bellemegine görä, täze desganyň ulanyşa girizilmegi Barsagelmez ýatagynda gazlift usuly bilen işleýän nebit guýularyny ýokary basyşly gaz bilen üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri açdy. Geljekde gaz ulgamyny halkalaýyn turbageçirijilere birikdirmek we akymy «Körpeje» gazgysyjy bekedine gönükdirmek hem meýilleşdirilýär.
Uzynada ýatagynda täze desganyň gurluşygy turbageçirijidäki garşylyk basyşynyň ep-esli peselmegine getirdi. Şol bir wagtyň özünde guýularyň önümçiligi ýokarlandy, bu bolsa ortaça 250 tonna goşmaça nebit çykarmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle-de, burawlanmagy tamamlanan täze önümçilik guýularynyň ulanyşa girizilmegine päsgel berýän kynçylyklar üstünlikli çözüldi. Hazarýaka sebitleriniň geljegi uly ýataklarynyň golaýynda täze desganyň gurulmagy täze goşmaça nebitgaz gatlaklarynyň açylmagyna we giň ykdysady taýdan bähbitli mümkinçilikleriň döremegine ýardam berer.