Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylymlar güni mynasybetli YBTGI-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata degişli toplumyň halypa ylmy işgärleri, ýaş hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda institutyň hünärmenleriniň gaz, nebit, geologiýa işlerinde ýerine ýetiren we alyp barýan barlag, seljerme işleri, pikirleri, teklipleri diňlenildi. Olar, hususan hem, ýerine ýetirýän ylmy taslamalary, ýagny «Galkynyş» gaz käniniň gurluşyny seýsmiki taýdan öwrenmekligiň netijeleri, «Oilfield manager» (OFM) programma üpjünçiliginde gaz we gazkondensat ýataklarynyň gorlaryny material balans usuly bilen seljermek, tebigy gazyň düzümindäki kömürturşy gazyny peýdaly maksatlar üçin ulanmak, ultrases we magnit usullary arkaly metallaryň fiziki, mehaniki häsiýetlerini derňemek, ulanyşyň ahyrky döwründe gaz guýularyny özleşdirmek usullaryny işläp düzmek barada çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahatyň barşynda halypa işgärler bilen ýaş hünärmenleriň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra maslahat bölümçeleriň birnäçesinde öz işini dowam etdi.
Çäräniň ahyrynda guramaçylar tarapyndan YBTGI-niň ýadawsyz, göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýan işgärlerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.