HNGU-da Ylymlar gününiň öň ýanynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

HNGU-da Ylymlar gününiň öň ýanynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hünärli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Hususan-da, ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine aýratyn üns çekildi.

Soňra ylmy-amaly maslahat öz işini sekiz sany bölümçede dowam etdirip, gyzgalaňly hem-de täsirli pikir alyşmalar bilen geçdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993