Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
«Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji ýerde durýar we biz Türkmenistana bu serişdeleri özleşdirmek we eksport etmek babatynda iň gowy arzuwlarymyzy bildirýäris» — diýip, ol belledi.
Rojers ABŞ-nyň daşary syýasatynyň esasy ugry hökmünde Waşingtonyň hyzmatdaşlarynyň — şol sanda «C5+1» formatyndaky hyzmatdaşlarynyň howpsuz, güýçli we gülläp ösýän bolmagyna çalyşýandygyny nygtady.
Rojersiň Türkmenistana sapary Hindistany, Nepaly we Özbegistany hem öz içine alýan sebitara turnesiniň çäginde geçirildi. Saparyň maksady söwda diplomatiýasyny ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, şeýle hem sanly innowasiýalary ilerletmekden ybaratdyr.