Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine Hytaý kompaniýalary bilen dürli görnüşli turba önümlerini satyn almaga rugsat berýän kararlara gol çekdi. Degişli resminamalar 13-nji iýunda merkezi neşirlerde çap edildi.
Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin zerur bolan degişli möçberdäki polat turbalary satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Julong Steel Pipe Сo., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
“Türkmennebit” döwlet konsernine ulanyş hem-de gözleg-barlag guýularynda gazuw işlerini geçirmek üçin zerur bolan möçberdäki oturtma we buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Wuхi SP. Steel Tube Manufaсturing Сo., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu resminamalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.