12-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de onuň bilen sarp edijileri ygtybarly üpjün etmek, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, olaryň gerimini giňeltmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şunda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminamalara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.