«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň (YBTGI) geofizika bölüminde Türkmenistanyň platforma bölegi we Günorta — Günbatar Türkmenistanyň gaznebitli ülkeleri boýunça geologiýa-geofiziki barlaglaryň hem-de buraw işleriniň maglumatlaryny toplumlaýyn we dessin derňemek, gözleg-barlag işleriniň oňyn ugurlaryny saýlamak, esaslandyrmak we degişli teklipleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de Gögerendag — Ekerem zolagynyň neogen çökündilerini amatly ýagdaýda burawlap geçmegiň we önümli gatlaklary açmagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen anomal-ýokary gatlak basyşlaryny çaklamak we şol esasda buraw edaralary üçin degişli teklipleri taýýarlamak işleri amala aşyrylýar. Bu işleri ýerine ýetirmeklige bölümiň ýaş hünärmenleri hem işeňňir gatnaşýarlar. Olar bölümde 2D we 3D seýsmomaglumatlary teswirlenende ulanylýan häzirki zaman programma üpjünçiliklerini özleşdirmekde has hem görelde görkezýärler. Halypa alymlaryň we ylmy işgärleriň ýaşlar bilen netijeli işleşmegi olaryň kämilleşmegine, tejribesiniň artmagyna ýardam edýär.
Olar bölümiň başlygy Hatyja Çopanowanyň ýolbaşçylygynda institutda geçirilýän ýaş alymlaryň we hünärmenleriň ylmy-amaly seminarlaryna, okuw-tejribe sapaklaryna hem örän işeňňir gatnaşýarlar.
Geçen hepdede YBTGI-niň geofizika bölüminde nebitgaz ýataklarynyň üç ölçegli geologik-gidrodinamik modellerini döretmekde öňdebaryjy programma üpjünçiliklerini ulanmak boýunça geçirilen amaly okuw sapagy ýaş işgärleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi.