Türkmenistan Owganystanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna işjeň goşulyşmagy ugrunda çykyş edýär

Türkmenistan Owganystanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna işjeň goşulyşmagy ugrunda çykyş edýär

Türkmenistan Owganystanyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen sebit döwletleri, Ýewropa Bileleşigi hem-de halkara guramalary bilen mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Bu barada 15-nji iýunynda Almaty şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky duşuşygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow aýtdy.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň parahat, durnukly we ykdysady taýdan kuwwatly Owganystany goldamaga gönükdirilen yzygiderli garaýşyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystany sebit integrasiýa ýagdaýlarynyň möhüm gatnaşyjysy hökmünde görýändigi we ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna işjeň çekilmegini goldaýandygy nygtaldy.

Türkmen tarapy Owganystanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen sebit döwletleri, Ýewropa Bileleşigi hem-de halkara guramalary bilen mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaý, sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi, şeýle hem ýurduň durnukly ösüşine ýardam bermek maksady bilen halkara özara hereketleriň ugurlary bilen bagly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara guramalarynyň ornyna bagyşlanan pikir alyşmalaryň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ynsanperwer kömekleri bermekde, Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmekde, döwlet institutlaryny pugtalandyrmakda hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde alyp barýan işleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şu günki gün goňşy ýurtda häzirki zamanyň iň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi dowam edýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu taslama, şu günki gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär.

TOPH gaz geçirijisiniň «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat–Hyrat esasy böleginiň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde «Türkmengaz» döwlet konserni çykyş edýär, gurluşyk işlerini bolsa göni «Türkmengazgurluşyk» ÝGPJ amala aşyrýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993