«OGT-2026» forumyna gatnaşyjylara möhletinden öň hasaba durmak üçin ýeňillikler hödürlenýär

«OGT-2026» forumyna gatnaşyjylara möhletinden öň hasaba durmak üçin ýeňillikler hödürlenýär

Häzirki wagtda 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly 31-nji halkara maslahata we sergä işjeň taýýarlyk görülýär.

Maslahatyň we serginiň guramaçylarynyň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bar, şeýle hem «Turkmen Energy Forum» hojalyk jemgyýeti bilelikde guraýjy hökmünde çykyş edýär.

«Turkmen Energy Forum-yň» habar bermegine görä, öňünden hasaba duran gatnaşyjylar üçin hasaba alyş tölegine ýörite arzanlaşyk hödürlener. Bu teklip 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli edilen hasaba almalar we tölegler üçin güýçdedir.

OGT-2026 maslahaty energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we uzak möhletli maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça gepleşikleri ösdürmek üçin döwlet ministrlikleriniň, milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, potratçylaryň, tehnologiýa üpjün edijileriniň, maliýe institutlarynyň we global maýadarlaryň ýokary derejeli wekillerini jemlär.

70 ýurtdan 1 400-den gowrak wekili jemlän «OGT-2025» forumynyň rekord netijelerine esaslanyp, 2026-njy ýylyň maslahaty maýa goýum taýdan özüne çekiji taslamalara, netijeli maýa goýum mehanizmlerine we energetika pudagyndaky bütin gymmatlyklar zynjyry boýunça strategiki hyzmatdaşlyklary kemala getirmäge gönükdiriler.

Hasaba durmak üçin salgy: https://ogt-turkmenistan.com/ru/ogt-registration

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993