Prezident “Türkmennebit” DK deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça “Petronas” kompaniýasy bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berdi

Prezident “Türkmennebit” DK deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça “Petronas” kompaniýasy bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi. Degişli karar 18-nji iýunda merkezi neşirlerde çap edildi.

Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň hem-de konserniň “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminama ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993