Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergä gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.
Plenar mejlis tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.
Sergide Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Malaýziýanyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň giň möçberli ekspozisiýalary ýerleşdirilipdir.
Sergide ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň pawilýonlary wekilçilik etdi. Olarda nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapýar.
Gözden geçirilişde Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Aragatnaşyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň diwarlyklary-da ýerleşdirilip, olarda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanýan üstünlikleri görkezildi.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere başlanjakdygyny, 11-nji, 12-nji, 13-nji, 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki işlere girişmek arkaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy.
“Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýa şu gezekki gepleşikleriň dowamynda nebitgaz pudagynda alnyp barylýan bilelikdäki işlerde özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesini gazandylar. 30 ýyl mundan ozal nebitgaz pudagynda başlanan türkmen-malaý hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam edýär” diýip, döwlet Baştutany aýtdy we häzirki döwürde onuň täze ösüşe, uly geljege eýe bolýandygyny, munuň Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň umumy üstünligidigini belledi.