Hökümet mejlisinde nebitgaz pudagyny ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy

Hökümet mejlisinde nebitgaz pudagyny ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy

20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow hasabat bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmek hem-de bu ugurda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd” kompaniýasynyň hem-de konserniň “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berlendigini aýtdy hem-de bu möhüm waka mynasybetli nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallygyny beýan etdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryna baý bolan gurluşlary senagat taýdan özleşdirmek hem-de gözleg-barlag guýularynyň gazuw işlerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesinden we tehnologik mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993