Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi

Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi

22-nji iýunda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow hem-de Ilham Aliýew Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanlaryna “Dostluk” nebit tankeri barada giňişleýin maglumat berildi. Soňra Azerbaýjanyň wekili döwlet Baştutanlaryndan gämini işe girizmäge ak pata bermeklerini haýyş etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýörite düwmä basdylar. Soňra monitor arkaly tankeriň ýüzüşe goýberilişi görkezildi.

Prezident Ilham Aliýew dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza tankeriň degişli şahadatnamasyny gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow dostlugyň nyşany hökmünde Türkmenistana sowgat berlen “Dostluk” nebit tankeri üçin minnetdarlyk bildirip, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň mysaly hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993